preloader

Planeta barada bilelikde alada edeliň

“Sagdyn ülke”

Ekologiýa bilen baglanşykly resminamalary işläp düzmek boýunça hyzmatlar

Giňişleýin

Döwletiň ekologiýa boýunça syýasatynyň esasy wezipesi ilatyň oňaýly daşky gurşawdaky ýaşaýyşyny, has ajaýyp tebigatly ýeri geljekki nesillere geçirmek üçin, tebigy baýlyklara (resurslara) aýawly çemeleşilmegini we bu baýlyklaryň rejeli ulanylmagyny üpjün etmekden ybaratdyr. Biz şu ugur boýunça sebit we halkara derejelerinde netijeli hyzmatdaşlygy amala aşyrýarys.

- Gurbanguly Berdimuhamedow

Planeta barada bilelikde alada edeliň

“Sagdyn ülke”

Ekologiýa bilen baglanşykly resminamalary işläp düzmek boýunça hyzmatlar

Döwletiň ekologiýa boýunça syýasatynyň esasy wezipesi ilatyň oňaýly daşky gurşawdaky ýaşaýyşyny, has ajaýyp tebigatly ýeri geljekki nesillere geçirmek üçin, tebigy baýlyklara (resurslara) aýawly çemeleşilmegini we bu baýlyklaryň rejeli ulanylmagyny üpjün etmekden ybaratdyr. Biz şu ugur boýunça sebit we halkara derejelerinde netijeli hyzmatdaşlygy amala aşyrýarys.

- Gurbanguly Berdimuhamedow

Kärhana barada

“Sagdyn ülke” HK sarp edijilere we kärhanalara biziň planetamyzy geljekki nesiller üçin goraýan jogapkär çözgütleri kabul etmäge mümkinçilik döredýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, “Tebigaty goramak hakyndaky” kanun (Türkmenistanyň Mejlisiniň wedomostlary, 2014 ý., № 1, sah. 40), biziň testirlemek we sertifikasiýa boýunça amallara esaslanýan standartlarymyz sarp edijileriň ýokary howpsuzlygyny kepillendirýär.

Biziň hyzmatlarymyz

KÄRHANANYŇ EKOLOGIK PASPORTY

KÄRHANANYŇ EKOLOGIK PASPORTY

Resurslaryň ulanylyşynyň derejesi we onuň önümçiliginiň daşky tebigy gurşawa ýetirýän täsiriniň derejesi baradaky maglumat bar

DAŞKY GURŞAWA ÝETIRILÝÄN TÄSIRE BAHA BERMEK

DAŞKY GURŞAWA ÝETIRILÝÄN TÄSIRE BAHA BERMEK

Islendik kärhananyň ýa-da edaranyň howpsuz hojalyk işiniň hökmany şerti

Rugsat edilýän aňryçäk dökmeleriň taslamasy

Rugsat edilýän aňryçäk dökmeleriň taslamasy

Maddalaryň we mikroorganizmleriň suw obýektlerine akdyrmak üçin rugsat almak maksady bilen işlenip düzülýär

Rugsat edilýän aňryçäk zyňyndylara kada görkezijileriniň taslamasy

Rugsat edilýän aňryçäk zyňyndylara kada görkezijileriniň taslamasy

Kärhananyň atmosfera çykarýan zyýanly maddalarynyň ylalaşylan konsentrasiýasyny belleýän normatiw

DAŞKY TEBIGATY GORAMAK

DAŞKY TEBIGATY GORAMAK

Galyndylaryň howplulygyň kesgitlenen toparyna degişlidigini tassyklaýan resminama

Galyndylaryň emele geliş kada görkezijileri we olary ýerleşdirmek üçin bellenilen çäklendirmeler

Galyndylaryň emele geliş kada görkezijileri we olary ýerleşdirmek üçin bellenilen çäklendirmeler

Kesgitlenen döwürde (kada bolşy ýaly – bir ýylda) tebigatdan peýdalanyjy üçin, galyndylaryň meýilleşdirilýän mukdarlary

Täzelikler we makalalar

09.12.2021

Türkmenistanda ekologiýa ýagdaýlar kämilleşdirilýär

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi we BMG-niň ÖM bilen bilelikde guramagynda «Türkmenistanda durn...

23.11.2021

Türkmenistanyň Kanuny «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda

I. 2017-nji ýylyň 3-nji iýunynda kabul edilen «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (Tü...

23.11.2021

Türkmenistanyň goraghanalary – bioköpdürlüligiň sakçylary

Türkmenistanda özboluşly ösümlik we haýwanat dünýäsine baý ekologiýa ulgamlarynyň dü...

14.11.2021

Plastmassanyň ýerine ekologiýa taýdan arassa we modaly esbaplar

Bütin dünýäniň daşky gurşawy hapalaýan plastika garşy göreşýän häzirki döwründe dü...

07.11.2021

Milli Liderimiz ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

6-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň daş-tö...

Biziň hyzmatdaşlarymyz

Biziň müşderilerimiziň seslenmeleri

Ahal-teke atlary

Häzirki Türkmenistanyň çäginde bu münülýän atlaryň tohumy (Ahal-Teke) takmynan 5000 müň ýyl mundan ozal ösdürilip ýetişdirilipdir. Bu gadymy medeni tohumlaryň biri birentek tohumlara – arap (ýa-da çapylýan iňlis) tohum atlaryna we beýlekilere öz täsirini ýetirdi.

Münülýän arassa we arap tohumlary bilen birlikde, sap tohum atlarynyň hataryna degişli edilýär, çünki ahal-teke bedewleri münülýän etalon tohum bedewler diýlip hasaplanýar hem-de 5000 müň ýylyň dowamynda başga atlaryň tohumlary bilen garyşdyrylmandyr. Ahal-teke bedewi gurak yssy howa uýgunlaşan we başga şertlere göwnejaý ýagdaýda öwrenişýär.

1

/

7

Alynky Aziýa alajagaplaňy

“Gyzyl kitaba” girizilen bu jandar Merkezi Aziýada saklanyp galan ýyrtyjylaryň dört sany görnüşiniň biridir. Selçeň duşýan we ekologik ulgamlar üçin möhüm ähmiýetli hökmünde bu jandar Tebigaty goramak baradaky halkara birleşiginiň we Türkmenistanyň Gyzyl kitaplaryna girizildi.

1990-njy ýylyň başyna çenli turan gaplaňy bilen bolşy ýaly, bu jandarlaryň hem ýitip gitmek howpy ýüze çykypdy.

Ýöne alajagaplaňlaryň antropogen täsire has çeýe döz gelýändigi ýüze çykaryldy, olar adam bilen bile ýaşamaga uýgunlaşdylar. Türkmenistanda jandarlaryň bu görnüşiniň umumy populýasiýasy 90-100 sany alajagaplaňa barabardyr.

2

/

7

Buhara suguny

Türkmenistanda toýnaklylaryň bu seýrek görnüşi diňe Amyderýa deltasynda gabat gelýär, bu ýerde aborigen populýasiýalar, şeýle emeli toparlar duş gelýär. Geçmişde sugunyň Murgabyň we Tejeniň deltalarynda ýaşandygy baradaky maglumatlar bar.

1982-nji ýylda Amyderýa tebigy goraghanasynyň döredilen soňra ýagdaý gowulanyp ugrady. 1989-1999-njy ýyllarda 30-32 sanysy, 2003-nji ýylda – 46-52; 2011-nji ýylda – 100 sanysy ýaşaýardy. Bu jandarlaryň sanyny gaýtadan köpeltmek üçin 30 ýyldan gowrak wagt zerur bolupdy.

3

/

7

Ýangi-Gala kanýony

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinden 160 kilometr daş aralykda tebigatyň örän gyzykly ýadygärlikleriniň biri – Ýangi-gala ýerleşýär, Ýangi-gala “Otly gala” diýmegi aňladýar. Onuň kert diwarlary her hili reňklidir, gyzyl reňk agdyklyk edýär, onuň ady şondan gelip çykýar.

Haýran galdyrýan we her hili reňkdäki gaýalaryň belentligi 60-100 metre ýetýär. Gije-gündizki wagta we ýagtylandyrylmagyna baglylykda, daglaryň keşbi gözüň alnynda özgerýär. Ýangi-gala kanýony şapakda, daş-töwerekdäki ähli zatlaryň al reňklere boýalanda has-da owadan keşbe eýe bolýar.
 

4

/

7

Repetek goraghanasy

Günorta-Gündogar Garagumdaky goraghana Türkmenistanyň Lebap welaýatynda, Türkmenabat şäheriniň günorta-günbatar tarapynda 70 km daş aralykda ýerleşýär.
“Gyzyl kitaba” girizilen, selçeň duşýan we subtropikleriň çägeli çöllerine we aramlyk guşaklyga mahsus bolan jandarlaryň ençemesi (uly haýwanlardan karakal (ýabany gum pişigi), hindi oklukirpisi, jeren (30-a golaýy), çal zemzen, Orta Aziýa kepjebaşysy, seýrek duşýan guşlar, oňurgasyzlar we beýlekiler) goralýar.

5

/

7

Hazar goraghanasy

Häzirki wagtda Hazar goraghanasynyň meýdany 270 müň gektara barabardyr, şonuň ýarsyndan gowragy deňizdedir. Goraghana üç bölekden – Hazar böleginden, ýanaşyk akwatoriýa bilen birlikde Ogurjaly adasyndan we Esengulydaky bölekden ybaratdyr.
Haýwanat dünýäsinde hazar týuleni, gury ýerde uzyn gulakly kirpi, towşan-talaý, gamyşlykdaky we gumdaky pişikler, tilki, jeren we beýlekiler gabat gelýär. balyk – deňziň esasy baýlygy diýlip hasaplanýar. Hazar (Kaspiý) deňziniň suwlarynda takgaz, garabalyk, çapak, kefal (çontaly), kilka, şeýle tirana ýaşaýar. Gymmatly diýlip hasaplanýan doky (akbalyk) diňe Hazar deňzinde duş gelýär.

6

/

7

Köýtendag goraghanasy

Türkmenistanyň Lebap welaýatyndaky bu goraghana 1989-njy ýylda Köýtendagyň gerişleriniň täsin daglyk landşaftlaryny goramak maksady bilen, 27 140 gektar meýdanda döredildi.
Bu ýerde ösümlikleriň 150-ä golaý görnüşleri, süýdemdirijileriň 21 sany görnüşi (aýlaw şahly erkeç, türkmen garagulagy, ak dyrnakly aýy, bars, garaguş), guşlaryň 143 sany görnüşi, süýrenijileriň 21 sany görnüşi, ýerde we suwda ýaşaýan jandarlaryň 2 sany görnüşi duş gelýär. arheologik ýadygärlikler – dinozawrlaryň yzlary we Kap-Kutan gowaklary saklanyp galypdyr.
 

7

/

7